«Inter Maýaminiň» hüjümçisi Lionel Messi tokaý ýangynlaryndan ejir çeken Ispaniýanyň Sýerra-Oeste-de-Madrid administratiw-çäk birligine kömek etmek üçin haýyr-sahawata pul bagyşlady.
Bu barada Madrid awtonom bileleşiginiň prezidenti Isabel Dias Aýuso habar berdi.
«Leo Messi Sýerra-Oeste-de-Madridi dikeltmek üçin 80 müň ýewro bagyşlady. Oňa minnetdarlyk bildirmek we madridlileriň oňa mynasyp derejede el çarpmak üçin onuň gelmegine garaşýandygyny aýdasym gelýär», — diýip, Isabel Dias Aýuso sosial torlarda ýazdy.
Tomus Ispaniýada adatdan daşary yssy howa sebäpli uly tokaý ýangynlary başlandy. Iýul aýynyň ahyrynda Madrid awtonom bileleşigindäki ýangynlar sebäpli 115 müňden gowrak adamyň ewakuasiýa edilendigi ýa-da öýlerinden çykmazlyga çagyrylandygy habar berildi. Ýangyn bileleşigiň 17 munisipalitetiniň çägindäki 27 müň gektar meýdana täsirini ýetirdi. Sýerra-Oeste zolagy özüniň tebigy baýlyklary we oba hojalygy bilen tanalýar.