Gazagystanda daşary ýurtlular üçin ýurda girişi tölegli etmek maslahatlaşylýar

06.08.2026, 08:005,109

Gazagystanyň Içeri işler ministrligi daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin ýurda girmegiň tölegli elektron rugsatnamalaryny girizmegi göz öňünde tutýan düzedişleriň taslamasyny taýýarlady.

Resminama köpçülikleýin geňeşe çykaryldy we ol 17-nji awgusta çenli dowam eder.

Ygtyýarnamalary resmileşdirmek üçin tölegiň möçberi häzirlikçe kesgitlenilmedi. Bu serişdeleriň sanly infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga, şeýle hem şahsy maglumatlaryň goragyny üpjün etmäge gönükdiriljekdigi aýdylýar.

IIM täze ulgamy tapgyrlaýyn — 2026-njy ýylyň awgustyndan dekabryna çenli girizmegi teklip edýär. Edaranyň pikiriçe, şeýle çemeleşme «geçiriş nokatlarynyň ähli görnüşlerine logistika kuwwatlyklarynyň we serhet infrastrukturasynyň durnukly uýgunlaşmagyny» üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Şeýle hem elektron rugsatnamalar Gazagystanyň çäginde migrantlaryň hasabyny we gözegçiligini tiz hem-de aýdyň etmäge ýardam eder diýlip garaşylýar.

Häzirki wagtda düzedişleriň entek kabul edilmändigini we olaryň diňe köpçülikleýin geňeşe çykarylandygyny bellemek möhümdir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.