BAE-niň Arap atlary jemgyýetiniň (EAHS) baş direktory Mohamed Ahmed Musleh Al Harbiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Myhmanlary «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory Ahmet Berdiýew garşylady.
Bu sapar atçylyk ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de ahalteke we arap atlaryny ýetişdirýän merkezleriň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilendir.
Saparyň ilkinji gününde wekiliýetiň agzalary «Türkmen atlary» birleşiginde resmi gepleşikleri geçirdi, Türkmenistanyň Döwlet muzeýine bardy we Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda saýlama ahalteke atlarynyň görkezilişine syn etdi.
BAE-niň wekiliýetiniň ýolbaşçysy türkmen atçylyk mekdebiniň özboluşlylygyny hem-de bu ugurda hünär tejribesini alyşmagyň uly ähmiýete eýedigini nygtady.
Saparyň dowamynda wekiliýet Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň we Ylmy-önümçilik merkeziniň işi bilen tanşar, şeýle hem Görogly adyndaky sirkde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşyna tomaşa eder.
7-nji awgustda tamamlanjak bu sapar iki ýurduň arasynda atçylyk we medeni-ynsanperwer ugurlarda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berer.