Disney-iň gahrymanlary tiktokçy bolar: Kompaniýa sosial ulgam bilen ylalaşyk baglaşdy

08.08.2026, 12:122,506

Disney we TikTok kompaniýalary özara hyzmatdaşlyk hakda şertnama baglaşdylar. Bu ylalaşyk arkaly wideo taýýarlaýan blogerlere Disney-iň resmi materiallaryndan arkaýyn peýdalanmaga rugsat berler.

Munyň netijesinde, meşhur multfilmlerdir kinolar esasynda düşürilen gysga wideolar hem-ä TikTok-da, hem Disney+ platformasynyň dik wideolar bölüminde görkeziler. Iň gowy we iň şowly çykan wideolar bolsa iki ýerde hem bir wagtda «Verts» ady bilen köpçülige hödürlener.

Maksatnama ilki ABŞ-da işläp başlar, soňra bolsa beýleki bazarlara çykar. Kompaniýalar ylalaşygyň «pully» taraplaryny aýan etmediler.

Maksatnama ýüzlerçe filmleri we seriallary, şol sanda Marvel, Star Wars, Pixar, FX we Disney-iň nusgawy animasiýasy tarapyndan döredilýän kontentleri öz içine alýar. Şeýlelikde, bloggerler Möý adam, Dart Weýder, Moana ýaly gahrymanlary öz döredijiliginde kanuny ýagdaýda ulanyp biler.

"Bu hyzmatdaşlyk biziň gürrüň berýän taryhymyzyň we olaryň döredijiliginiň arasynda täze köpri döredýär, döredijilere öz işlerini paýlaşmak üçin has uly sahnany açyp berýär, tomaşaçylara bolsa Disney+-de her gün açyş etmek üçin has köp sebäp döredýär", diýip, Disney-iň marketing we brend boýunça direktory Asad Aýaz belleýär.

Maksatnama gatnaşyjylar ýörite baýraklary, goşmaça öňe çykarylmak mümkinçiligini, ýörite çärelere çakylyklary hem-de hünär taýdan ösüş üçin täze mümkinçilikleri wada berýärler.

Kompaniýalar henize çenli hiç ýerde şeýle ylalaşygyň bolmandygyny aýdýarlar. Ol gysga wideolaryň barha artýan meşhurlygyny we iri media brendlerine täze tomaşaçy çekmäge kömek edýän kontent döredijileriň roluny görkezýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.