Müsürde piramidalara gündizki gezelençler gadagan edildi

08.08.2026, 07:378,157

Müsüriň hökümeti howanyň aşa yssydygy sebäpli Giza piramidalaryna we Luksoryň ýadygärliklerine gündizki gezelençleri çäklendirdi. Täze düzgünler syýahatçylaryň arasynda gün urmak töwekgelçiligini azaltmak üçin girizildi.

Müsüriň Syýahatçylyk we gadymyýet ministrliginiň maglumatlaryna görä, Luksorda we Aswanda howanyň temperaturasy 42–45 gradusa, Kairde bolsa kölegede 36 gradusa ýetýär. Jokrama yssy we Günden goranmaga ýeterlik ýeriň bolmazlygy myhmanlar üçin howply bolup durýar.

Piramidalara we aramgählere gezelençler indi diňe irden sagat 10:00–11:00-a çenli ýa-da Gün ýaşandan soň, agşam sagat 19:00 töwereginden başlap rugsat berilýär.

Yssy sebäpli käbir syýahatçylar Gyzyl deňziň we Ortaýer deňziniň kenarýakalaryndaky dynç alyş ýerlerini saýladylar.

«Müsürdäki syýahatçylar dynç alyş günlerini boş geçirmezlik üçin elýeterli maksatnamalardan peýdalanmalydyr: irden sagat 11:00-den agşam sagat 16:00-a çenli wagtyňy, mysal üçin, Hurghada Grand Aquarium okeanariumynda (peteginiň bahasy 32 dollar) geçirmek maslahat berilýär. Agşam bolsa, kwadrosikllerde gijeki çöl safari gezelençlerine (adam başyna 15–25 dollar) çyksa ýa-da Gün ýaşandan soň agşamky petegiň bahasy 30 dollara düşýän El-Guna ýaly ýapyk akwaparklara baryp görse bolar» - diýip, Müsüre syýahat boýunça bilermen Fuad el Gohary maslahat berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.