Ginnesiň rekordlar kitabynda Holand peýda boldy. Ýok, saçynyň uzynlygy üçin däl...

14.08.2026, 20:5318,948
1 / 3

«Mançester Sitiniň» hüjümçisi Erling Holand Ginnesiň rekordlar kitabyndan birbada dört sany şahadatnama aldy. Olaryň ählisi norwegiýaly futbolçynyň meýdançadaky netijeliligi bilen baglanyşykly.

Holand Milletler ligasynyň taryhynda iň gowy bombardir hökmünde resmi taýdan ykrar edildi — onuň hasabynda 19 gol bar.

Ýene bir rekord Angliýanyň Premýer-ligasy bilen baglanyşykly: Holand APL-de 100 goly iň çalt geçiren futbolçy boldy. Muňa ýetmek üçin oňa bary-ýogy 111 oýun ýeterlik boldy.

Mundan başga-da, norwegiýaly hüjümçi bir möwsümde salnan gollaryň sany boýunça APL-iň rekordyny saklaýar. Ol 2022/2023 möwsüminde Angliýanyň çempionatynda 36 gol geçirdi.

Holandyň dördünji üstünligi Çempionlar ligasynda gazanyldy. Ol ýaryşyň bir duşuşygynda iň çalt penta-trik eden (bir oýunda 5 gol salan) futbolçy boldy. 2023-nji ýylyň 14-nji martynda Germaniýanyň «Leýpzig» toparyna garşy geçirilen 1/8 finalynyň jogap oýnunda Erling 35 oýun minudynyň içinde 5 gol geçirdi (birinji goluny 22-nji minutda, bäşinjisini bolsa 57-de). Tutuş duşuşyk «Mançester Sitiniň» 7:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Netijeli oýnundan daşary, Holand özüniň daş keşbi, esasan-da uzyn sary saçy bilen hem kän üns çekýär. Onuň saç stili baradaky gürrüňler metbugatda edil sportdaky üstünlikleri ýaly gyzgalaňly gozgalýar. Norwegiýaly futbolçy hatda saç rezinini öndürýän Kknekki kompaniýasynyň minoritar paýdary hem boldy.

Her niçiksi bolsa-da, futbolçynyň saçy Ginnesiň ünsüni çekerden ep-esli kelte. Çünki bir hindi zenany 11 ýyllap saçyny kesmän, onuň uzynlygyny 2,69 metre ýetiripdir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.