ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Poueý şäherinde Tesla Megapack batareýalarynyň binýadynda, bahasy 290 million dollara deň bolan ägirt uly energiýa toplaýjy ulgam işe girizildi. Ol doly güýjünde işlände 385 müň öýi 4 sagatlap elektrik energiýasy bilen üpjün edip bilýär.
Ulgamyň güýji 300 Mwt, sygymy bolsa 1200 Mwt·s-a barabardyr.
Taslamany Arevon Energy kompaniýasy durmuşa geçirdi. 329 sany Tesla Megapack akkumulýator modulyndan ybarat bolan bu desga kompaniýanyň ABŞ-da energiýa toplaýyş ugry boýunça iň uly özbaşdak taslamasy boldy.
Gün hem-de ýel elektrik stansiýalary artykmaç tok öndüren wagtlary bu batareýalar energiýany özünde toplap saklaýar. Ilat tarapyndan tok sarp edilişi artan waglary batareýalar özünde jemläp goýan energiýasyny yzyna — umumy ulgama berip başlar.
Şeýle ulgamlar toguň öndürilişi bilen sarp edilişiniň arasyndaky tapawudy sazlamaga mümkinçilik berýär we iň zerur pursatlar üçin ygtybarly ätiýaçlyk goruny döredýär.