Tesla-nyň janköýerleri uzak wagtlap Ilon Maskdan brendiniň elektrikli welosiped öndürmegini haýyş etdiler, emma kompaniýanyň ýolbaşçysy bu babatda biraz tykyrady. Şeýle-de bolsa, Tesla ahyry welosiped hödürledi, ýöne ol diňe iň kiçi ýaşly müşderiler üçin niýetlenen bolup çykdy.
Kompaniýa çagalar ulagyny döretmek boýunça öz däbini dowam etdirdi we pedalsyz welosiped öndürdi – rus dilindäki habar beriş serişdelerinde bu ulag «Ylgaw welosipedi» («Беговел») diýip atlandyrýarlar diýip, Electrek neşirinde düşündiriş berilýär.

Bu oýunjak 2-5 ýaş aralygyndaky çagalar üçin döredilendir. Ol deňagramlylyk duýgusyny ösdürmäge kömek edýär: çaga sürmek üçin hökman aýaklary bilen ýerden öňe iteklenmeli bolýar. Munuň özi geljekde doly derejeli iki tekerli ulaga erk etmäge özboluşly taýýarlyk bolup hyzmat edýär. Ýöne welosipedi sürjek çaganyň iň ýokary agramy 35 kg-dan, aýagynyň uzynlygy bolsa 350 mm-den geçmeli däldir.

Haryt alyjylara bölekleýin görnüşde gowşurulýar. Toplumyň içinde gurnamak üçin zerur bolan ähli gurallar bar.
Täze önüm magnýum garyndysyndan ýasalan ýeňil rama we beýikligi bäş derejede sazlanýan oturgyja eýedir. Amerikan bazarynda bu pedalsyz welosipediň 225 dollar bahasy bar.
Tesla mundan öň hem 8-12 ýaş aralygyndaky çagalar üçin sagatda 16 km tizlige çenli aýlanyp bilýän «Cyberquad» elektrikli kwadrosiklini hödürläpdi.