PCMag: Windows-da ulanyjylary yzarlamak üçin gizlin kod bar

Şu gün, 17:16687

Amerikanyň Federal Derňew Býurosy (FDB) «Scattered Spider» haker toparynyň agzasy diýlip güman edilýän şahsyýeti anyklamagy başardy. Munuň üçin Windows operasion ulgamynyň gizlin guraly bolan Global Device ID (GDID) ulanyldy.

PCMag neşiriniň habar bermegine görä, bu waka ulanyjylaryň gizlinlik derejesi we enjamlaryň gizlin yzarlanma gerimi barada täze jedelleriň döremegine sebäp boldy.

Derňewiň sebäpkäri ABŞ-na ekstradisiýa edilen 19 ýaşly Piter Stouks «Scattered Spider» toparynyň düzüminde birnäçe kiberhüjümlere gatnaşypdyr diýlip çak edilýär. Şübhelini anyk bir jenaýat pursaty bilen baglanyşdyrmak üçin ýörite gulluklar GDID unikal markerini ulandylar. Bu marker Windows-yň her bir aýratyn nusgasy (gerek bolsa fiziki kompýuter, gerek bolsa wirtual maşyn bolsun) üçin ýörite gurnalýar.

Gulluk identifikatory bolan GDID gurnalan bir operasion ulgamy beýlekisinden tapawutlandyrmak üçin zerurdyr. Derňewiň çäklerinde Microsoft korporasiýasy bu kody wagt bellikleri we üçünji tarap hyzmatlaryndan alnan maglumatlar bilen deňeşdirdi. Bu bolsa FDB-e Stouksyň ulgamdaky işjeňligini tassyklamaga mümkinçilik berdi.

Şol bir wagtda, Microsoft-yň işläp düzüjileri Global Device ID-niň işjeňlik aýratynlyklary barada tas hiç hili maglumat açmaýarlar, bu gural tehniki resminamalarda diňe gysgaça agzalyp geçilýär. Ýygnalan maglumatlardan çen tutsaň, bu marker operasion ulgamyň adaty täzelemelerinden soň hem öçmeýär we ony diňe Windows-y doly gaýtadan gurnamak arkaly aýryp bolýar.

Derňewiň ýüze çykaran bu garaşylmadyk ýagdaýy kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmenleriň arasynda çynlakaý çekişmelere sebäp boldy. Häzirki wagtda hünärmenler we ulanyjylar GDID-ni özbaşyna tapyp, öçürip bolýandygyny ýa-da bolmaýandygyny, şeýle hem beýleki bäsdeş operasion ulgamlarda hem şuna meňzeş gizlin markerleriň bardygyny ýa-da ýokdugyny bilmegiň üstünde kelle döwýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.