Türkmenistan Nýu-Ýorkda geçiriljek BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäginde halkara parahatçylyk we howpsuzlyk, öňüni alyş diplomatiýasy, durnukly ösüş, ulag, howa, sanly tehnologiýalar hem-de halkara hukugy babatda birnäçe başlangyçlary öňe sürer. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda aýdylýar.
Dialogy hem-de öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek esasy ugurlaryň biri bolar. Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça döwletara geňeşmelerini geçirmegi meýilleşdirýär, şeýle hem 2027–2037-nji ýyllary BMG-niň Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy diýip yglan etmegi teklip eder. Mundan başga-da, Köptaraplylygyň we döwletleriň özygtyýarlylygynyň deňliginiň dostlary toparyny döretmek başlangyjy öňe sürler.
Sanly tehnologiýalar ulgamynda ýurt halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly peýdalanmak boýunça halkara kodeksi işläp taýýarlamagy teklip eder. Şeýle hem Aşgabatda Sanly ynanyşmak we emeli aňy jogapkärçilikli ulanmak meseleleri boýunça halkara bilermenler dialogyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Durnukly ulag aragatnaşygyna aýratyn üns berler. Türkmenistan Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek boýunça işleri dowam etdirer hem-de Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi döretmek mümkinçiligine seretmegi teklip eder.
Mundan başga-da, Günorta we Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda Hazar deňzi arkaly sebitüsti ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny öňe sürmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistan ekologiýa ulgamynda Aşgabat howa dialogyny döretmegi teklip eder we gurakçylygyň hem-de suw ýetmezçiliginiň zyýanyny çekýän sebitleriň howa durnuklylygyny berkitmäge degişli başlangyç bilen çykyş eder.
Ýurt halkara hukuk, ynsanperwer hyzmatdaşlyk, parahatçylyk meselelerinde zenanlaryň we ýaşlaryň ornuny giňeltmek ulgamyndaky başlangyçlary ilerletmegi dowam etdirer.
«Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistan halkara hukugyň ornuny pugtalandyrmaga, häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda onuň ähmiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ählumumy teklipleri yzygiderli öňe sürýär. Muňa mysal hökmünde 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibi görkezmek bolar» diýlip, DIM-iň habarynda aýdylýar.
Şeýle hem Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň 2026–2028-nji ýyllar üçin agzasy hökmündäki işini we 2031–2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň saýlawlaryna dalaşgärligini hödürlemäge taýýarlyk işlerini alyp barar.