«Möý adam: Täze gün» filminiň dünýä boýunça kassa ýygymy premýeradan soň 19 günüň içinde 2,02 milliard dollara ýetdi. Bu görkezijä ondan tiz diňe 2019-njy ýylyň aprelinde bary-ýogy 11 günüň dowamynda şonça ýygnan «Ar alyjylar: Final» filmi ýetipdi.
Franşizanyň täze bölümi prokatyň başyndan bäri ýokary netijeleri görkezýär. Ozal bu filmiň ABŞ-da 700 million dollarlyk sepgidi hemmeden tiz geçendigi belli bolupdy. Häzirki wagtda film öz ýurdunyň prokatynda 786 million dollar, beýleki ýurtlarda bolsa 1,236 milliard dollar ýygnady.
Film dünýäniň 68 ýurdunda görkezilýär.
Dünýä ýygymy boýunça ikinji orunda Kristofer Nolanyň 1,3 milliard dollar (ABŞ-da 505 million dollar we beýleki ýurtlarda 789 million dollar) toplan «Odisseýa» filmi ýerleşýär. Ol 84 ýurtda prokata goýberilýär.
«Odisseýa» geçen dynç günleri film üçin iň soňky uly kino bazary bolan Hytaýda prokata çykdy. Deslapky maglumatlara görä, hytaýly tomaşaçylar ilkinji günde petekler üçin eýýäm 36,6 million dollar sarp etdi.