Türkiýäniň Ay Yapım telekompaniýasy Amazon Prime Video-da "Gala diwarlary" atly serialy çykardy. Ol iri halkara striming platformasy üçin ýörite emeli aň ulanylyp döredilen ilkinji serial diýlip atlandyrylýar.
Variety neşiriniň habar bermegine görä, taslama her biri 15 minut dowam edýän iki bölümden ybarat.
Taryhy drama häzirki Eýranyň çäginde ýerleşýän Alamut galasy hakyndaky rowaýata esaslanýar. Serialyň edebi esasyny türk ssenariýaçylary Kerem Deren bilen Çisil Hazal Tennim ýazdy.
Bu serial ChatGPT, Midjourney, Runway, Veo, Kling, ComfyUI, Topaz we beýleki EA-gurallary ulanylyp döredildi. Şeýle hem, kompaniýa diňe Ay Yapım-yň ygtyýarly mazmuny boýunça tälim alan öz wideo modeli AYDNA-ny işläp düzdi.
"Gelip çykyşy näbelli maglumatlar toplumyny ulanýan köp sanly emeli aň taslamalaryndan tapawutlylykda, AYDNA-nyň tutuş okuw ulgamy awtorlyk hukugy bilen goralan materiallary ulanylyp döredildi" - diýip, kompaniýanyň wekilleri gürrüň berýär.
Şol bir wagtyň özünde Ay Yapım aktýorlyk ussatlygyny emeli aňyň döretmändigine üns çekýär. Ökde hünärli aktýorlar filmi dürli dillere dublýaž etdiler. Mundan başga-da, suratkeşler emeli aň ulgamyna girmezden öň keşpleriň we ýerleriň eskizlerini elde işläp düzdüler.
"Bu adam başarnyklary ulanylmazdan döredilen önümçilik däl; bu ony kämilleşdirmek üçin emeli aň ulanylan önümçilik" - diýip, Ay Yapım kompaniýasy belläp geçýär.
Variety neşiriniň maglumatyna görä, taslamanyň üstünde bir ýyl töweregi işlenildi. Birinji bölüm kadrma-kadr döredildi, ikinji bölüm döredilende bolsa has döwrebap önümçilik tehnologiýalary ulanyldy.
Ay Yapım kompaniýasy “Gara söýgi” (Kara Sevda), “Höküm” (Yargı) we “Geniý” (Deha) seriallary üçin üç sany abraýly halkara “Emmi” baýragyny gazanan ýeke-täk türk studiýasydyr. Onuň çykaran taslamalarynyň köpüsi häzirkizaman türk telewideniýesiniň keşbini kesgitledi. Kompaniýanyň beýleki düşürenleriniň arasynda “Gadagan edilen söýgi” (Aşk-ı Memnu), “Ezel” (Ezel), “Fatmagülüň günäsi näme?” (Fatmagül'ün Suçu Ne?), “Içerde” (İçerde), “Çukur” (Çukur) we “Maşgala” (Aile) ýaly meşhur seriallar bar.