«Altyn topuň» eýesi ýok. FIFPro futbolçylardan ýylyň simwolik toparyny düzdi

Şu gün, 12:494,270
1 / 2

Halkara professional futbolçylar assosiasiýalarynyň federasiýasy (FIFPro) 2026-njy ýylyň netijeleri boýunça dünýäniň simwolik ýygyndysyny yglan etdi.

Geň ýeri, 11 sany iň gowy futbolçydan ybarat düzüme «Bawariýanyň» we Angliýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi, «Altyn topuň» häzirki eýesi Harri Keýn girmedi. Ýöne sanawda Messi, Ýamal we Holand bar.

Ýeňijiler dünýäniň 73 ýurdundan 19 806 sany hünärmen futbolçynyň arasynda geçirilen ses berişligiň netijeleri boýunça kesgitlendi. Saýlama wagtynda oýunçylaryň 2025-nji ýylyň 4-nji awgustyndan 2026-njy ýylyň 19-njy iýuly aralygyndaky çykyşlary göz öňünde tutuldy.

FIFPro tarapyndan düzülen dünýäniň simwolik topary:

  • Derwezeban: Dawid Raýýa («Arsenal»);

  • Goragçyar: Aşraf Hakimi («PSŽ»), Pau Kubarsi («Barselona»), Nunu Mendeş («PSŽ»);

  • Ýarymgoragçylar: Jud Bellingem («Real»), Rodri («Mançester Siti» / «Barselona»), Witinýa («PSŽ»);

  • Hüjümçiler: Lamin Ýamal («Barselona»), Lionel Messi («Inter Maýami»), Erling Holand («Mançester Siti»), Kilian Mbappe («Real»).