Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäginde «Çalık Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk hem-de «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşyklary geçirdi.
TDH-nyň habar berşi ýaly, gepleşikleriň dowamynda köpasyrlyk türkmen-türk taryhy-medeni gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Türkmenistanda, hususan-da, energetika, dokma senagaty, gurluşyk, şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty ýaly ulgamlarda «Çalık Holding» we «Rönesans Holding» kompaniýalarynyň gatnaşmagynda iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilýändigi nygtaldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda kabul edilen «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny» durmuşa geçirmäge türk kompaniýalarynyň mundan beýläk hem işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda türk işewürleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Hajettepe uniwersitetiniň hormatly doktory diýen akademiki derejäniň berilmegi hem-de Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi tarapyndan «Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi.
Şeýle hem olar Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna döredilýän giň mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändiklerini we munuň üçin bar bolan mümkinçilikleri ulanmaga taýýardyklaryny tassyklady. Işewürler ýolbaşçylyk edýän kompaniýalarynyň öz üstüne alan borçnamalaryny ýokary hilli hem-de bellenen möhletlerde ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdy.