Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy Mejlisiň garamagyna iberildi

Şu gün, 10:10906

13-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Wise-premýer «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp, geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynyň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, ol dürli pudaklary, welaýatlary, Aşgabat we Arkadag şäherlerini ösdürmäge gönükdiriljek maliýe serişdeleriniň möçberleri, şeýle hem Döwlet býujetiniň girdeji bölegi barada maglumat berdi we döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli taslamany hödürledi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasynda ykdysadyýetiň ulgamlaryna düýpli maýa goýumlary gönükdirmegiň meýilleşdirilýändigini belledi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberilýändigini aýtdy we degişli hata gol çekdi. Ol wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.