Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň «Türkmenistanyň kazyýet ulgamynyň sanlylaşdyrylmagyny goldamak» atly bilelikdäki taslamasynyň çäginde BMGÖM-üň halkara bilermeni Ýokary kazyýetiň ýolbaşçylygyna we iş toparynyň agzalaryna Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny sanly özgertmegiň 2027–2032-nji ýyllar üçin Ýol kartasyny tanyşdyrdy.
Bu resminama kazyýet işiniň hukuk, institusional, guramaçylyk we tehniki ugurlaryny öz içine alýan Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny sanlylaşdyrmagyň häzirki ýagdaýyny toplumlaýyn bahalandyrmagyň esasynda halkara bilermenleriň goldaw bermeginde we öňdebaryjy dünýä tejribesini nazara almak bilen işlenip taýýarlanyldy.
Ýol kartasy döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, kazyýet dolandyryşyny kämilleşdirmegiň, kazyýet işlerini has netijeli etmegiň we sanly hyzmatlar arkaly raýatlaryň adyl kazyýetlilige elýeterliligini giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär. Şunda sanly infrastrukturany ösdürmäge, kazyýet edaralarynyň işgärler mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga we elektron kazyýet önümçiligini tapgyrlaýyn ornaşdyrmak üçin şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Ýol kartasynyň esasy düzgünleri bilen tanşyp, ileri tutulýan çäreleri durmuşa geçirmegiň yzygiderliligini, zerur tehniki çözgütleri ösdürmegi we guramaçylyk işlerini kämilleşdirmegi ara alyp maslahatlaşdy.
Ýol kartasynyň hödürlenmegi kazyýet ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmegiň möhüm tapgyry bolup, ileri tutulýan ugurlary we halkara tejribäni nazara almak bilen mundan beýläkki özgertmeler üçin ygtybarly binýat döredýär.