Alymlar uzak el gysyşmanyň özara gatnaşyklara nähili täsir edýändigini anykladylar

26.11.2019, 04:473,289

Şotland alymlary tejribe geçirdiler we uzak el gysyşmanyň adamlaryň şahsy hem-de iş gatnaşyklara nähili täsir edýändigini anykladylar.
Eksperimente 34 meýletinçi gatnaşdy. Tejribä gatnaşan meýletinçileri alymlaryň birine tanyşdyrdylar. Olaryň salamlaşygy ýa-ha gysga wagtlyk el gysyşma (üç sekuntdan az), ýa-da dowamly, ýa-da asyl el gysyşmasyz görnüşde alnyp baryldy.
Ýöne tejribä gatnaşyjylar eksperimentiň maksadyny bilmeýärdiler, bu bolsa olaryň bolup geçýän zatlara bolan hakyky garaýyşlaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi.
Tejribe geçirijiniň uzak wagtlap elini gysan eksperimente gatnaşyjylary özlerini ynjalyksyz we rahatsyz duýan bolup çykdylar. Olar howsalaly görünýärdi we az ýylgyrýardylar, Naked Science ýazýar.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, jemgyýetçilik hereketleri, meselem, el gysyşma, gujaklaşma we ş.m üç sekuntdan uzak dowam edende adamlar üçin hakyky däl ýaly görünýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.