Türkmenabat — Türkmenbaşy — Türkmenabat ugry boýunça howa gatnawlary dikeldildi

05.06.2021, 16:3424,310

1-nji iýundan Türkmenabat halkara howa menzilinden Türkmenabat — Türkmenbaşy — Türkmenabat ugry boýunça howa gatnawlary dikeldildi. Bu barada jeyhun.news habar berýär.

Ozal dünýäde koronawirusyň ýaýramagy bilen baglanyşykly Türkmenabat halkara howa menzilinden sebitlere howa gatnawy bes edilipdi. Diňe Türkmenabat — Aşgabat — Türkmenabat aralygynda ýolagçy gatnawy amala aşyrylýardy.
Türkmenabat — Türkmenbaşy — Türkmenabat ugry boýunça ýolagçylaryň gatnawy duşenbe, çarşenbe we şenbe günleri amala aşyrylar. Howa gatnawlarynyň tertibi «Türkmen gündogary» gazetiniň 3-nji iýundaky sanynda çap edildi.
Gatnawlar arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek bilen amala aşyrylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.