Türkmen Lideri Täjigistanyň Prezidentine aýal doganynyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ýollady

22.07.2021, 08:4617,368

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona onuň aýal dogany — Kurbonbi Rahmonowanyň biwagt aradan çykmagy zerarly çuň­ňur gynanç bildirdi.

“Şu hasratly pursatda Siziň gynanjy­ňyzy paýlaşýaryn, şeýle hem Size we maşgala­ňyzyň ähli agzalaryna sabyr-takat we ruhy durnuklylyk arzuw edýärin. Beýik Allatagaladan merhumyň ýatan ýeriniň ýagty, jaýynyň jennet bolmagyny dileýärin” diýlip, gynanç hatynda bellenilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.