Britaniýaly Tomas Din 200 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandy

28.07.2021, 14:491,779

Britaniýaly Tomas Din Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda 200 metr aralyga erkin usulda ýüzmek boýunça final ýaryşynda birinji orny eýeledi. Ol 1 minut 44,22 sekunt netijäni görkezdi. Ikinji orny onuň watandaşy Dankan Skott (yza galyş – 0,04 sekunt), üçünji orny Braziliýanyň wekili Fernando Sheffer (+0,44) eýeledi. 

Din 21 ýaşynda bolup, bu medal onuň üçin Olimpiýa oýunlarynda ilkinjidir. Türgeniň hasabynda dünýä çempionatlarynyň dört altyn medaly bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.