«Ferrari» toparynyň sürüjisi Şarl Lekler «Formula-1» çempionatynyň dokuzynjy tapgyry bolan Beýik Britaniýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ýaryş «Silwerstoun» ýolunda geçirildi.
Lekleriň bu üstünligi diňe bir şu möwsümdäki iň täsirli ýeňişleriniň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem onuň topary üçin taryhy pursat boldy. Lekler italýan toparyna «Formula-1-iň» taryhynda şanly 250-nji ýeňşi getirdi we netijede «Ferrari» şeýle görkezijä ýeten ilkinji topar boldy. Ýeňişleriň sany boýunça ikinji orny «McLaren» (203), üçünji orny bolsa «Mercedes» (138) eýeleýär.
«Silwerstoundaky» ýaryşda pellehana ikinji bolup «Mercedes» toparyndan britaniýaly Jorj Rassell geldi. Hormat münberiniň üçünji ornuna Lekleriň topardaşy Lýuis Hemilton çykdy.
Şarl Lekler üçin bu beňiş «Ferrari» toparynyň düzüminde dokuzynjy ýeňşi boldy we ol bu görkeziji boýunça Rubens Barrikello bilen deňleşdi. Şeýle-de, Lekleriň bu üstünligi «Ferrari» üçin şu möwsümde ikinji ýeňişdir.
Ýaryşyň birnäçe faworitleri üçin Britaniýadaky tapgyr şowsuz tamamlandy. Dört gezek dünýä çempiony Maks Werstappen 48-nji aýlawda ulagynyň çagla düşmegi sebäpli ýaryşdan çykdy. Möwsümiň häzirki lideri Kimi Antonelli uzak wagtlap öňdebaryjylaryň hatarynda bäsleşen hem bolsa, bolidindäki tehniki näsazlyklar sebäpli ýaryşy dokuzynjy orunda tamamlady.
Çempionatyň indiki tapgyry 17-19-njy iýul aralygynda Belgiýada geçiriler.