Türkmenistan Owganystandaky daşary ýurt raýatlarynyň äkidilmegi üçin howa giňişligini üpjün edýär

19.08.2021, 11:4328,612

Türkmenistan daşary ýurtlaryň Owganystandaky raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň howa gämileri bilen äkidilmegi üçin özüniň howa giňişligini üpjün edýär Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň  Metbugat gullugy habar berdi.

Habarda şeýle diýilýär:

«Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda aglaba ýurtlar özleriniň Owganystandaky raýatlarynyň bu ýurtdan guramaçylykly çykarylmagyna girişdiler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryndan hem gelip çykýan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek arkaly, ýokarda görkezilen şahslaryň daşary ýurt döwletleriniň howa gämileri bilen äkidilmegi üçin özüniň howa giňişligini üpjün edýändir».

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.