RF-iň ýokary okuw mekdepleri daşary ýurtly talyplara koronawirusa garşy sanjym almak mümkinçiligini berer

21.08.2021, 19:3214,080

Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministri Waleriý Falkow RF-iň ýokary okuw mekdepleriniň isleg bildirýän daşary ýurtly talyplara koronawirusa garşy sanjym almaga mümkinçilik berjekdigini habar berdi. 

“Daşary ýurtly talyplaryň arasynda heniz sanjym almadyk bar bolsa we sanjym almaga isleg bildirýän bolsa, Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri şeýle mümkinçiligi hökman döreder” – diýip, ol “Rossiýa-24” teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy diýip, TASS belleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.