«RuCode 2026» halkara programmirleme olimpiadasyna hasaba alnyşyk başlandy

Şu gün, 14:01999
1 / 3

2026-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda «Baky Tylla» bilim merkezinde «RuCode 2026» algoritmik programmirleme boýunça halkara olimpiadasy geçiriler. Bäsleşik Russiýa Federasiýasynyň Sanly ösüş, aragatnaşyk we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ministrligi bilen hyzmatdaşlykda guralýar.

Halkara olimpiadada iň ýokary netije görkezen gatnaşyjylar dekabr aýynda Moskwa şäherinde geçiriljek uly finala gatnaşmaga ýörite çakylyk alar.

Bäsleşik mekdep okuwçylary, talyplar we IT hünärmenleri üçin açyk bolup, ol 1-den 3-e çenli gatnaşyjydan ybarat toparlaryň arasynda üç ugur boýunça geçiriler:

  • A-B derejesi: Milli we halkara programmirleme olimpiadalarynda üstünlikli gazanan tejribeli hünärmenler üçin.
  • C-D derejesi: Esasy algoritmleri özleşdiren we programmirleme ukyplaryny kämilleşdirmek isleýän gatnaşyjylar üçin.
  • E-F derejesi: Başlangyç derejedäki öwrenijiler üçin.

Bäsleşik ýüzbe-ýüz görnüşde geçiriler. Ýerler çäklidir. Bäsleşige hasaba alynmak hem-de giňişleýin maglumat üçin https://rucode.net/gx71 resmi salgysyna ýüz tutup bilersiňiz.

«RuCode» bäsleşigi her ýyl 89 sebitden 10 müňden gowrak zehinli okuwçyny bir ýere jemleýär. Bäsleşik geçen ýyl gatnaşyjylaryň sany boýunça Russiýanyň Rekordlar kitabyna girdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.