Türkmen-owgan serhedindäki gümrük nokatlary durnukly işledilýär

31.08.2021, 08:1827,898

TDIM-niň resmi internet saýtynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de degişli pudaklaýyn dolandyryş we harby edaralarynyň wekilleriniň 30-njy awgustda Owganystanyň Farýab welaýatynyň ygtyýarlandyrylan wekilleri, hususan-da, Andhoý, Hançarbag, Gurgan etraplarynyň häkimleri hem-de Akina gümrük nokadynyň başlygy bilen duşuşandyklary barada habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, taraplar serhetýaka sebitlerde serhet, gümrük we fitosanitariýa gözegçiligi boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, Ymamnazar-Akina gümrük gözegçilik nokadynyň işini güýçlendirmäge ylalaşdylar. Ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.