Gurbanguly Berdimuhamedow Braziliýanyň Prezidentine Gutlag iberdi

07.09.2021, 10:1814,073

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Žair Bolsonarua hem-de onuň üsti bilen ýurduň ähli dostlukly halkyna Braziliýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Gutlag hatyny ýollady.

Döwlet Baştutany hatynda ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Žair Bolsonarua berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Braziliýa Federatiw Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.