Geljek hepdäniň howa maglumaty: Türkmenistanda howa +18 gradusa çenli maýlar

26.09.2021, 16:218,535

Geljek hepdede Türkmenistanyň käbir sebitlerinde howanyň gündizki temperaturasy uzak wagtdan bäri ilkinji gezek +18 gradusa çenli aşak düşer diýip gidrometeorologlar çaklaýar. Türkmenistan boýunça howanyň ortaça derejesi +24 gradusa deň bolar. Iň sowuk howa Daşoguz welaýatynda, iň maýyl howa bolsa Mary welaýatynda bolar.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda hepdäniň birinji ýarymy maýyl bolar. Duşenbede +24 gradus bolup, az-kem ygal düşer. Eýýäm sişenbeden penşenbe aralykda +29-dan +27 gradus howa garaşylýar. Anna güni termometriň görkezijisi +23 gradusa düşer, dynç günleri bolar +21 gradus howa garaşylýar.

Balkan welaýatynda hepde +24 gradusdan başlar. Sişenbe we çarşenbe günleri +26 gradusa, penşenbede +27 gradusa çenli gyzar. Anna we şenbe günleri +20 gradusa çenli düşüp, ýekşenbe güni ýene-de +23 gradusa ýeter.

Daşoguz welaýatynda hepde +23 gradusdan başlar. Çarşenbe gününe çenli howa +25 gradusa çenli maýlar. Anna güni termometriň görkezijisi birden aşaklap, +18 gradusa düşer. Şeýle howa hepdäniň ahyryna çenli saklanar.

Mary welaýatynda duşenbede +25 gradus bolar. Sişenbeden penşenbä çenli howa +30 gradusa çenli galar. Anna güni +28 gradus, hepde ahyrynda bolsa +20 (şenbe), +19 (ýekşenbe) gradusa düşer.

Lebap welaýatynda duşenbeden penşenbä çenli howanyň derejesi +24 gradusdan +29 gradusa çenli ýokarlanar. Anna güni +25 gradus, şenbe we ýekşenbe günleri +19 gradusa çenli aşak düşer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.