Brent nebitiniň bahasy ICE biržasynda bir barrele 84 dollardan geçdi

12.10.2021, 04:054,547

2021-nji ýylyň dekabr aýyndaky üpjünçilik bilen Brent söwda belgili nebit üçin fýuçers bahasy Londonyň ICE biržasynda 2,03% ýokarlanyp, bir barrele 84,06 dollara ýetdi. Muny Aşgabat wagty bilen 13:29-da söwda meýdançasynyň maglumatlary delillendirýär.

Soňky gezek Brent nebitiniň bahasy 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda bir barrele 84 dollardan geçdi. 
13:50-ä çenli Brent söwda belgili nebitiň bahasy ösüşini çaltlandyryp, bir barrele 84,18 dollar derejesinde (+2,17) satyldy.
WTI söwda belgili nebit üçin fýuçers bahasy 2,7% ýokarlanyp, barreline 81,49 dollar boldy diýip, TASS belleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.