Mejlis Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişini tassyklady

01.11.2021, 17:094,454

30-njy oktýabrda Aşgabatda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda “Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Mejlisiň Karary biragyzdan kabul edildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 87 848 186,0 müň manat we çykdajylar boýunça 87 608 676,0 müň manat möçberinde ýerine ýetirilendigi tassyklanyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.