Müsüriň Prezidenti türkmen Liderini Kaire sapar bilen gelmäge çagyrdy

03.11.2021, 07:316,332

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah Al Sisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Kaire sapar bilen gelmäge çagyrdy. Iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny maslahatlaşyp bilerler.

Al Sisiniň türkmen Liderine iberen haty «Türkmenistan» gazetinde neşir edildi.
Arab döwletiniň Baştutany türkmenistanly kärdeşini we ähli türkmen halkyny ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bileen gutlady we ýurduň mundan beýläk hem gülläp ösmegini arzuw etdi. Şeýle hem Al Sisi Berdimuhamedow bilen Müsürde görüşmäge umyt bildirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.