Oksford instituty Brent nebitiniň bahasy bilen bagly çaklamasyny mälim etdi

23.11.2021, 13:214,228

Energetika gözlegleriniň Oksford institutynyň (OIES) etalon çaklamalary boýunça, Brent nebitiniň bahasy 2021-nji ýylyň ahyryna çenli barreline 71,6 dollar, 2022-nji ýylda bir barrele 80,9 dollar we 2023-nji ýylda bir barrele 76,6 dollar bolar. Bu barada OIES-e salgylanyp, Trend habar berýär. 

OIES-iň hasabatynda bellenilişi ýaly, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň ýurtlarynda ätiýaçlyklaryň ýetmezçiligi we ýangyjyň başga görnüşine geçilmegi sebäpli nebitiň bahasynyň häzirki ösüşi gysga möhletleýin dowam eder. 

“Şeýle-de bolsa, OPEK+ ýurtlaryndan çig nebit üpjünçiliginiň haýal dolanmagy we häzirki wagtda gazdan nebite garaşylyşyndan has aram geçiş henizem bahalary 80 dollar derejesinde çäklendirýär” – diýlip, hasabatda aýdylýar.

OIES-iň çaklamalaryna laýyklykda, 2021-nji ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüşi bir günde 5,4 million barrel derejesinde durnukly saklanar we 2022-nji ýylda bir günde 3,6 mln barrel, 2023-nji ýylda bir günde 2,1 mln barrel bolar.

“2021-nji ýylyň ahyryna çenli global nebit üpjünçiligi bir günde 1,3 mln barrel, 2022-nji ýylda bir günde 5,9 mln barrel, 2023-nji ýylda bir günde 2,2 mln barrel ýokarlanar” – diýlip, hasabatda aýdylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.