Wýetnam syýahatçylar üçin serhetleri açýar

23.11.2021, 13:284,603

Wýetnam syýahatçylary özüne çekmek üçin halkara awiagatnawlary dikeldýär. Häzirlikçe ýerli häkimiýetler diňe birnäçe dynç alyş ýerlerini açýarlar, olaryň arasynda Fukuok adasy hem bar. Bu barada Euronews-e salgylanyp, Day.Az habar berýär.

Syýahatçylara koronawirusa garşy doly sanjym baradaky şahadatnama ýa-da ýurda gelmezden üç gün öň geçirilen otrisatel PZR-barlagy, şeýle-de lukmançylyk ätiýaçlandyryşy gerek bolar. Syýahatçylara karantinden geçmek hökmany däl. 

VietJet Air awiakompaniýasynyň müdiriniň orunbasary Din Wýet Fyong şeýle belleýär: “Biz Fukuok adasynyň howa menziline halkara gatnawlaryň açylmagy syýahatçylyk we awiasiýa pudaklarynyň dikeldilmegine oňyn täsir eder diýip umyt edýäris”. 

Häzirlikçe ýurt diňe gezelenç satyn alan syýahatçylar üçin açykdyr. Ýöne 2022-nji ýylyň iýun aýyna çenli respublika sanjym alan daşary ýurtlularyň ähli kategoriýalaryna girmek üçin üçin ýurdy açmak isleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.