Xiaomi kompaniýasy Redmi 10 2022 arzan smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar

06.12.2021, 21:196,613

Xiaomi kompaniýasy Redmi 10 arzan smartfonynyň täze görnüşini çykarmaga taýýarlanýar. Redmi 10 enjamy (2022) eýýäm TKDN, SDPPI, Ýewropanyň EEC-i, Singapuryň IMDA-sy we TUV ýaly dürli şahadatnamalary aldy. Bu barada superplanshet.ru habar berýär. 

Ýakynda täze smartfon FCC-de (Federal aragatnaşyk komissiýasy) bellige alyndy. Edaranyň maglumatlar bazasynda smartfon 22011119UY tehniki belgi bilen geçýär. FCC-niň maglumatlary boýunça, enjam iki görnüşde çykarylar: 4/64 GB we 4/128 GB.

Şeýle-de, gurluşyň MIUI 12.5 interfeýsi bilen Android 11-iň dolandyrmagy esasynda işlejekdigi bellidir. Ol iki SIM-kartany göterer.

Deslapky maglumatlara görä, Redmi 10 (2022) Full HD+ durulykly we 90 Gs kadr ýygylykly 6,5 dýuýmlyk IPS displeýi bilen üpjün ediler. Enjam platformasy sekiz ýadroly MediaTek Helio G88 prosessoryna esaslanar.

Mundan başga-da, smartfon 50 MP Samsung S5KJN1 ýa-da OmniVision OV50C40 datçigi, 8 MP Sony IMX355 obýektiwi we 2 MP OmniVision OVO2B1B ýa-da GC02M1B moduly bilen yzky kamera eýe bolar. Ol kuwwaty 18 Wt bolan çalt zarýad göteriji 5000 mA/sag akkumulýator bilen enjamlaşdyrylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.