Hytaý Halk Respublikasynyň Daqing Huiyou Breeding Co, Ltd atçylyk kompaniýasynyň başlygy, Halkara Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy Liu Şutsine ahalteke bedewi sowgat berildi. Aty gowşurmak dabarasy Köpetdagyň eteginde gurlan Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyşynyň dowamynda geçirildi diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde, olaryň baş sanyny artdyrmakda hem-de milli atşynaslyk sungatyny dünýä ýaýmakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Liu Şutsine 2023-nji ýylda doglan mele reňkli Dosthan atly ahalteke bedewi we oňa degişli Güwänama gowşuryldy. Sowgady açylyş dabarasyna gatnaşan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gowşurdy.
Hytaýly işewür Liu Şutsin bu belent serpaý üçin Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur hoşallygyny bildirdi. Ol ahalteke bedewleriniň watanynda bolmagyň we şeýle gymmatly sowgada eýe bolmagyň özi üçin uly mertebedigini belledi. Şeýle hem Liu Şutsin öz kompaniýasynda häzirki wagtda 1200 baş atyň saklanýandygyny, olaryň 600-den gowragynyň bolsa arassa ganly ahalteke bedewleridigini buýsanç bilen habar berdi.
Mundan öň Liu Şutsin Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada mynasyp bolupdy.