28-nji sentýabrda paýtagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi. Bu barada TDH habar berdi.
Mejlisdäki çykyşynda döwlet Baştutany milli mirasy aýawly saklamagyň we dünýä ýaýmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Ol Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň arassa ganly ahalteke atlaryny gorap saklamakda, olaryň baş sanyny köpeltmekde we behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda möhüm orun eýeleýändigini aýtdy. Häzirki wagtda bu halkara guramanyň düzümine ýurdumyzdan 213 we dünýäniň 40-a golaý döwletinden wekiller girýär.
Prezident 29-njy sentýabrda Köpetdagyň eteginde durky döwrebaplaşdyrylan Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň geçiriljekdigini habar berdi.
Çykyşyny tamamlanyndan soň ol ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň raýatlaryna hormatly atlary dakmak maksady bilen taýýarlanylan resminamalara gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda:
«Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at:
- Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Marian Weltewredene,
- Hytaý Halk Respublikasynyň «Daqing Huiyou Breeding Co., Ltd.» atçylyk kompaniýasynyň başlygy Liu Şutsine,
- Estoniýadan hususy atşynas, halkara derejeli weterinar lukmany Kaido Puuseppe dakyldy.
«Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly at:
- Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň atly sport we marafon bölüminiň seýsi — topar ýolbaşçysy Durdymyrat Kanaýewe dakyldy.
«Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at
- Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň çapyksuwary Begençmyrat Agamyradowa,
- Aşgabat şäherinden hususy atşynas Berdimuhammet Berdimuhammedowa dakyldy.
Soňra mejlis öz işini dowam etdirdi. Marian Weltewreden Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň dünýä çempionatynyň we gözellik bäsleşiginiň ähmiýetini belledi. Ol çärelere 100-den gowrak bedewiň we dünýäniň 35-den gowrak ýurdundan wekilleriň gatnaşandygyny aýtdy.
Liu Şutsin Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky taryhy dostlukly gatnaşyklara ünsi çekip, ahalteke bedewleriniň iki halkyň dostlugynyň nyşanydygyny belledi.
Kaido Puussepp Türkmenistanda geçirilýän çärelere gatnaşmagyň hünär tejribesini baýlaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähmiýetlidigini nygtady.