Ýeňil atletika boýunça paralimpiýa dünýä çempionaty ýatyryldy

16.01.2022, 16:394,025

2022-nji ýylda Ýaponiýanyň Kobe şäherinde geçirilmeli bolan paralimpiýaçylaryň arasynda ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty ýatyryldy. Bu barada TASS-a Russiýanyň Paralimpiýa komitetiniň prezidenti wezipesini ýerine ýetiriji Pawel Rožkow habar berdi.

“Halkara paralimpiýa komiteti (HPK) şu ýyl ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň ýatyrylandygyny Russiýanyň Paralimpiýa komitetine habar berdi. Ýaryşlar Ýaponiýanyň Kobe şäherinde geçirilip, 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Paralimpiýa oýunlary üçin saýlama bolmalydy” – diýip, Rožkow belledi.

“Häzirki wagtda dünýä çempionatynyň guramaçylyk komiteti we HPK ýaryşlary 2024-nji ýyla geçirmek meselesiniň üstünde işleýärler” – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.