Ahalyň edara ediş merkeziniň gurluşygy bilen bagly täze Karara gol çekildi

19.01.2022, 13:1015,928

“Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 4-nji martynda çykaran 1160-njy Kararyny ýerine ýetirmek, şeýle hem bu merkeziň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

 Resminama laýyklykda, buýrujylar bolan degişli edaralara, kärhanalara we guramalara: Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada baglaşan degişli şertnamalaryna, şol şertnamalaryň esasynda gurulýan binalaryň we desgalaryň ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylmaly möhletini 2022-nji ýylyň dekabr aýyna çenli uzaltmak barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga; — Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan degişli binalaryň we desgalaryň ýerine ýetirilmän galan gurluşyk işlerini tamamlamak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.