Dokma senagaty ministrligine pagta önümlerini ýerlemek hakynda Karara gol çekildi

19.02.2022, 21:065,433

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlyk gorundan degişli möçberdäki nah pagta süýümini, ýüpek pagta süýümini hem-de ministrlige degişli nah pagta süýümini, ýüpek pagta süýümini we pagta übtügini, gysga süýümi senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin Dokma senagaty ministrligine degişli bahalardan ýerlemäge ygtyýar berildi.

18-nji fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde türkmen Lideri degişli Karara gol çekip, onuň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmaga gönükdirilendigini nygtady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.