Türkmenistanda saýlawçylaryň 50%-den gowragy ses berdi

12.03.2022, 07:0335,048

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 11-e çenli saýlawçylaryň 51,05% ses berdi.

Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 50,72%, Balkan welaýatynda 50,39%, Daşoguz welaýatynda 51,89%, Lebap welaýatynda  51,17%, Mary welaýatynda 49,67%, Aşgabat şäherinde 52,15% ses berdiler.
Şeýle hem, daşary ýurtdaky saýlaw uçastoklarynda 62,24% saýlawçylar ses berdi.
Ses bermek dowam edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.