Reuters: Google kiberhowpsuzlygyň çäginde Mandiant kompaniýasyny 5,4 mlrd dollara satyn alýar

14.03.2022, 14:143,318

Google kompaniýasy kiberhowpsuzlyk bilen meşgullanýan Mandiant kompaniýasyny 5,4 mlrd dollara satyn alýar. Bu barada Reuters agentligi habar berdi diýip, TASS belleýär.

Mandiant-yň satyn alynmagy Google kompaniýasyna bulut hasaplaýyş işini ösdürmäge kömek eder diýip, agentlik ýazýar.
Mandiant-y satyn almak üçin ýene bir dalaşgär Microsoft kompaniýasy bolupdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.