Türkiýäniň Monopoliýa garşy göreş edarasy emeli aň tehnologiýalaryny ulanmakda bäsdeşlik düzgünleriniň bozulandygy baradaky şübheler sebäpli «Google» kompaniýasyna garşy derňew işine başlady. Gözegçilik edarasy kompaniýanyň emeli aň arkaly berýän synynyň ýerli neşirleriň saýtlaryna girýänleriň sanyny azaldyp, olaryň mahabatdan alýan girdejilerine ýaramaz täsir edip biljekdiginden howatyrlanýar.
Derňew ABŞ-nyň «Alphabet Inc.» korporasiýasyna degişli «Google» kompaniýasynyň birnäçe düzüm birligini, şol sanda «Google Ireland Limited», «Google LLC», «Google International LLC» we ýerli «Google Advertising and Marketing Ltd.» bölümini öz içine alar.
Wagtlaýyn çäreleriň çäginde edara kompaniýanyň habar saýtlaryndaky maglumatlary öz emeli aň synlaryna mejbury goşmagyny gadagan etdi.
Bu Türkiýäniň häkimiýetleriniň «Google» kompaniýasyna garşy ilkinji derňew işi däl. Geçen ýyl hereket edýän kadalaşdyryjy talaplary berjaý etmändigi üçin kompaniýa 9 million dollara golaý jerime salnypdy. Şonda gözegçilik edarasynyň bahalandyrmagyna görä, kompaniýanyň birnäçe täze mehanizmi ornaşdyrmagy hereket edýän düzgünlere ters gelipdi.