Türkmen halkynyň Milli Lideri «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

07.09.2026, 11:199,143

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlar Patyşalygyna saparynyň çäklerinde «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Ahmet Çalyk duşuşmaga wagt tapandygy hem-de ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatyna çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Niderlandlarda duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Türkiýeli işewür Türkmenistan tarapyndan Ýewropada guralan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini aýratyn belläp, ahalteke atlaryna bagyşlanan dabaralaryň özünde ýakymly täsir galdyrandygyny aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ilkinji gezek geçirilen dünýä çempionatynyň halklary ýakynlaşdyrmakda ygtybarly köpri boljakdygyna ynam bildirdi.

Milli Lider Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerinden ugur alýandygyny, häzirki wagtda Türkiýe bilen taryhy gatnaşyklaryň üstünlikli alnyp barylýandygyny nygtady.

Ahmet Çalyk Türkmenistanda iş alyp barmaga döredilýän mümkinçilikler üçin ýurduň Halk Maslahatynyň Başlygyna, şeýle hem Prezidentine hoşallyk bildirdi we kompaniýanyň şertnamalaýyn borçnamalaryny mundan beýläk-de jogapkärçilikli ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.