Türkmen halkynyň Milli Lideri «Rönesans Holding-iň» ýolbaşçysy bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

Düýn, 22:452,120

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Işewür Gurbanguly Berdimuhamedowy, Prezident Serdar Berdimuhamedowy we doganlyk türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bilen gutlady hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri minnetdarlyk bildirip, Türkiýäniň Prezidentine özüniň iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Türkmenistanda ykdysadyýetde, senagatda we beýleki pudaklarda iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigine ünsi çekip, «Rönesans» bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň Türkiýäniň işewür düzümleri bilen özara gatnaşyklaryň möhüm bölegini emele getirýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri ýakynda tassyklanan «Türkmenistany Senagat taýdan ösdürmegiň 2030–2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» hem senagat ulgamynda bilelikdäki täze taslamalara giň ýol açýandygyny aýtdy.

Şeýle hem «Rönesans Endustri Tesisleri» kompaniýasynyň «Toyo Engineering Corporation» bilen bilelikde Balkan welaýatynyň Gyýanly polimer kärhanasynyň önümçilik ugurlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslama gatnaşýandygy bellenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda kompaniýa bilen işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ähmiýet berilýändigini tassyklady. Ol duşuşygyň ahyrynda myhmana alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.