Wenesuela 2022-nji ýylda nebit önümçiligini günde 2 mln barrele ýetirmegi meýilleşdirýär

14.03.2022, 14:312,771

2022-nji ýylda Wenesuelanyň nebit pudagynyň önümçilik möçberi günde 2 mln barrel derejesine çykar. Bu barada ýurduň prezidenti Nikolas Maduro nebit önümçiligi üçin nasoslary öndüriji zawoda baran wagtynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.

“Şu ýyl biz günde 2 mln barrel önümçilik derejesine çykarys. Wenesuela özüniň işçi synpynyň kömegi bilen önümçiligi dikeldýär” – diýip, ol aýtdy. 

2021-nji ýylyň dekabr aýynda Boliwariýa Respublikasynda nebit önümçiligini günde 1 mln barrele ýetirmek başartdy. Resmi statistika görä, bir ýyl ozal ýurtda her gün ortaça 569 müň barrel nebit ekwiwalenti öndürilýärdi.  

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.