Sues kanaly 1-nji maýdan nebit önümli tankerlerden 15% goşmaça gümrük pajyny alar

27.03.2022, 21:445,975

Sues kanalynyň ýolbaşçylygy 1-nji maýdan başlap nebit önümleri ýüklenen tankerler üçin 15% möçberinde goşmaça gümrük hakynyň girizilendigini mälim etdi.

Bellenilişi ýaly, 1-nji maýdan başlap suw geçelgesinden ikibaka geçýan üsti nebit ýükli tankerlerden adaty tranzit ýygymynyň üstüne ýene 15% goşmaça hak alnar. Ballast suwly tankerlere, edil öňküsi ýaly, 5% gümrük haky salnar. «Goşmaça hak wagtlaýyn çäre hasaplanýar we oňa deňiz industriýasynyň bazar şertlerinden gelip çykýan düzedişler girizilip ýa-da ýatyrylyp bilner» — diýip habarda bellenýär.

Dünýä söwdasynyň 12%-i we dünýäniň nebit üpjünçiliginiň 5%-den 10%-e çenlisi düşýän Sues kanaly Müsüriň esasy girdeji çeşmeleriniň biri hasaplanmak bilen onuň gaznasyna ýylda $5 mlrd getirýär. Geçen ýyl strategik geçelge taryhynda bellenmeli 6,3 mlrd dollar ýyllyk girdejini bellige aldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.