Türkmenbaşy şäherinde ulag we kommunikasiýa işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

01.04.2022, 09:0413,323

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag we kommunikasiýa pudagynyň işgärleri üçin 300 maşgala niýetlenen, ýokary amatlylygy bolan dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 5-sini gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Hökümetiň 31-nji martda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi.

Türkmenbaşy şäherinde ulag-kommunikasiýa toplumynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri seljerilip, “Ynamly hyzmatdaşlar” hojalyk jemgyýetiniň teklibiniň seçilip alnandygy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmagyň, ilatyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmagyň milli  maksatnamalaryň hem-de bu ugurda amala aşyrylýan strategiýanyň baş maksadydygyny aýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.