Italiýada inflýasiýa 1991-nji ýyldan bäri rekord görkezijilere ýetdi

02.04.2022, 15:397,966

Italiýada inflýasiýa dokuz aý bäri ýokarlanyp gelýär we netijede soňky 30 ýylda rekord görkezijilere ýetdi. Milli statistika agentliginiň (ISTAT) maglumatlaryna görä, inflýasiýa mart aýynda öňki aý bilen deňeşdirilende 1,2% we ýyllyk görkezijileriň esasynda 6,7% ýokarlandy. Bu barada TASS-a salgylanyp, Trend habar berýär.

Agentligiň belleýşi ýaly, şeýle inflýasiýa 1991-nji ýylyň iýul aýyndan bäri hasaba alnanokdy. Düşündirilişi ýaly, bu tendensiýa energiýa göterijilerine bahalaryň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr. Sarp ediji sebediniň bahasy 5% ýokarlandy.
Şeýle-de, energiýa göterijileriniň ýokary bahalary bilen birlikde Ukrainadaky ýagdaý sebäpli azyk çig malynyň gymmatlamagy bilen baglylykda azyk önümleri üçin hem bahalaryň ýokarlanýandygy hasaba alynýar. Hünärmenleriň çaklamasyna görä, ýylyň dowamynda inflýasiýa 8%-e ýeter. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.