Eýranyň nebit eksporty 40% artdy

05.04.2022, 14:176,772

Eýranyň nebit gazyp alyş kuwwaty sanksiýadan öňki derejesine ýetdi, özem bu sanksiýalar we ykdysady basyş şertlerinde bolup geçdi. Bu barada Eýranyň  milli nebit kompaniýasynyň baş direktory  Mohsen Hojaste-Mehr habar berýär diýip, IRNA salgylanýan Trend ýazýar.

Ol Eýranyň nebit eksporty 40% artdy diýip belleýär. "2018-nji ýylda Eýrana garşy täze sanksiýalar girizilmezden öň biziň ýurdumyzyň çig nebiti çykarmak boýunça kuwwaty 3 mln 838 müň barrelden ybaratdy".
Onuň sözlerine görä, Eýranyň çig nebit ätiýaçlygy 157 mlrd barrel töweregidir, gazyň ätiýaçlygy bolsa - 33 trillion kubmetre barabardyr.
Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi owal 2021-nji ýylyň awgustyndan bäri Eýranyň nebit eksportynyň 40 göterim artandygyny mälim edipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.