Hindistanyň demirgazyk-günbataryna wagtyndan öň jöwzaly howa aralaşdy

16.04.2022, 12:5215,291

Hindistanyň demirgazyk we günbatar böleginiň aglaba sebitlerine aralaşan aşa yssy howa öz jöwzasy bilen haýran galdyrdy, esasanam, Rajasthan, Gujarat, Uttar-Pradeş we Nýu-Deli ştatlary has köp zyýan çekdi. Meteorologiýa gullugyna salgylanýan Associated Press News habarlar agentligi 1901-nji ýyldan bäri seljereňde geçen mart aýy iň yssy aý boldy.  Hünärmenleriň çaklaýşyna görä, ýakyn günlerde Nýu-Delide howanyň temperaturasy 42 derejä ýeter, bu bolsa kadadan 8 dereje ýokarydyr.

Jöwzaly epgek, aýratynam, günlükçilik edýän adamlar, rikşalaryň sürüjileri, köçe söwdagärleri hem-de öý-öwzarsyzlar üçin has howpludyr, olaryň köpüsi jowzaly howada köçede işlemäge mejburdyrlar we yssydan ýaňa tapdan düşmek, gün urmak töwekgelçiligine sezewar bolýarlar.
Soňky 30 ýylyň içinde Hindistanda iň yssy howa 2015-nji ýylda bolupdy, şonda azyndan 2081 adam ýogalypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.