Serdar Berdimuhamedow Başar Al-Asady Siriýanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

18.04.2022, 15:073,672

Prezident Serdar Berdimuhamedow Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al-Asada Siriýa Arap Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Başar Al-Asada berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Siriýa Arap Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.